Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň we Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň we Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmaga mümkinçilik berjek duşuşyklarda üstünlikleri arzuw edip, gepleşikleriň jemleriniň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, köptaraplaýyn formatda hem döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa birek-biregiň başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyklary bilen baglylykda, Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” birinji sammitiniň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, köpugurly hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy ýokary görkezijilere eýedir, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklarynda gatnaşyklar işjeň giňeldilýär.

Duşuşygyň dowamynda medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993