Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň 8-nji mejlisine taýýarlyk görülýär

Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň 8-nji mejlisine taýýarlyk görülýär

28-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toparyň şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň işine türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini, şol sanda Rumyniýa bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi.

Şoňa görä, Serdar Berdimuhamedow Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky sekizinji mejlisini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993