Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny 30-njy martda bellemek hakynda Permana gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, 30-njy martyndaky dynç güni 31-nji marta — duşenbe gününe geçirildi.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2025-nji ýylyň 30-njy martynda bellemeli” diýlip, resminama aýdylýar.
“30-njy martdaky dynç gününi 31-nji marta — duşenbe gününe geçirmeli” diýlip, resminamada bellenilýär.
Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara üpjün etmek tabşyryldy.