30-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup, bu ýurt bilen köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak döwletimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-birege ýakyndan goldaw bermek esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, bu taryhy üstünligiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, ählumumy abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolandygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň wekiliýetiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Söhbetdeşler şeýle hem birek-biregi mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldamaga taýýardyklaryny tassykladylar.