Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklar açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýangyç-energetika, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy pudaklaryny söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda belläp, şu babatda bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara syýasatyň möhüm meseleleri, hususan-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda iki döwletiň garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da ýakyndygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak we parlament wekilleriniň arasynda iş gatnaşyklaryny ýola goýmak dowam edip gelýän hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berer.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993