Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

14-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge uly üns berýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär.

Parlamentara hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy we düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklaryny berkitmekde Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işini aýratyn belledi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993