14-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meselesi maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan üstünlikli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garamak bilen, diplomatlar söwda-ykdysady ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň barşyny seljerdiler.
Bellenilişi ýaly, iki döwletiň baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynanyşmagyň hem-de dostlugyň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Şeýle hem diplomatlar halkara we sebitleýin düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň netijelidigini nygtadylar. “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň hem netijelidigi bellenildi.