Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bellediler

Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bellediler

15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Ýapon Imperatorynyň köşgünde geçirilen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze tapgyryna çykandygyny aýdyp, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary, senagatlaşdyrmagyň ýokary derejesi bilen meşhurlykdan peýdalanýar.

Türkmenistan bolsa tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolup, ýapon tehnologiýalaryny çekmek arkaly olary has netijeli ulanmaga çalyşýar. Şular barada aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň soňky ýyllarda elektroenergetika, nebitgaz senagaty, himiýa we gurluşyk, ulag, oba hojalygy ýaly pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýandygyna ünsi çekdi.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Ýaponiýa ýokary tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirilýär. Şeýle-de duşuşykda medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýandygy bellenildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993