15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Sigeru Isiba bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika we himiýa toplumlarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Sigeru Isiba ýapon-türkmen hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny aýdyp, Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze ugurlar boýunça giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistan we Ýaponiýa ähli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialog alnyp barylýar, söwda-ykdysady gatnaşyklar ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär, şeýle hem parlamentara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynda aýdyň görünýär.
Parlamentara gatnaşyklar hem Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutany şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň bolsa ýylyň esasy wakasy boljakdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isibany bu forumyň işine gatnaşmaga çagyrdy.