Prezident: Türkmenistan ýaponiýaly işewürlere özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ähli şertleri hödürlemäge taýýar

Prezident: Türkmenistan ýaponiýaly işewürlere özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ähli şertleri hödürlemäge taýýar

Ýaponiýa bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýapon işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belledi.

Döwlet Baştutany energetika, ulag we logistika pudaklaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, ýokary tehnologiýaly we ekologik taýdan arassa önümçilikleriň, suw serişdeleri ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ähmiýetini nygtady.

Uzak möhletli geljegi göz öňünde tutup, ýapon işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

“Birinjiden, Türkmenistanyň bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, aýratyn-da, olary maşyn gurluşygy, elektronika, himiýa senagaty ýaly pudaklarda ornaşdyrmaga taýýardyrys. Ikinjiden, biziň ýurdumyz suw tygşytlaýjy we arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işlemek, “ýaşyl” hem-de wodorod energetikasy boýunça ösen ýapon tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Üçünjiden, Türkmenistanda kiçi we orta ýapon kärhanalarynyň işewürligi ýöretmek, Ýaponiýada türkmen kärhanalarynyň iş alyp barmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýärin” diýip, Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň bu teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny, ykdysady hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek üçin ýurdumyzda ähli şertleriň bardygyny aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 44 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan geçýär. Şeýle hem bahasy 256 million ýewro we 190 milliard iýene golaý bolan taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi

Döwlet Baştutany iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran üstünlikli işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, «Itochu Corporation», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi Corporation», «Sojitz Corporation», «Toyo Engineering», «Mitsui», «Sumitomo Corporation» we beýleki korporasiýalaryň türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi.

Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat desgalary işe girizildi. Şolardan Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. «Komatsu» ýer gazyjy tehnikalarynyň, «Toyota» kysymly awtoulaglaryň ýurdumyza getirilýändigini bellemek isleýärin. Bu işlere Ýaponiýanyň Hökümet edaralarynyň, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) hem-de Eksporty we maýa goýumlary ätiýaçlandyryş ýapon agentliginiň (NEXI) ýardam berendigini aýtmak gerek diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi we Türkmenistanyň uzak möhletli maýa goýumlary goýmak hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ýapon işewürlerine ähli şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993