Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýapon kompaniýalar topary bilen üç sany çarçuwalaýyn ylalaşyga gol çekdi:

- «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;

- «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň tonna karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;

- «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda açyk dolanyşykdaky elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyk işine geçirmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet düzümleri bilen Ýaponiýanyň arasynda başga-da birnäçe resminamalara gol çekildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993