17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalygy pudaklary Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-saud hyzmatdaşlygy dostlugyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň we deňhukuklylygyň nusgasy bolup durýar.
Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryny we tekliplerini işjeň goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi.