18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik desgalaryny we ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu işler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda alnyp barylýar. Munuň özi senagat-önümçilik desgalarynyň üpjünçilik ulgamlaryny has-da kämilleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen işleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, hususan-da, zawodlar toplumynyň önümçiligi üçin suwuň zerur bolan möçberi bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek we yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik desgalaryny we ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.