Aşgabatda halkara söwda we hil üpjünçiligi boýunça sergi hem-de maslahat geçiriler

Aşgabatda halkara söwda we hil üpjünçiligi boýunça sergi hem-de maslahat geçiriler

29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçiriler.

Çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada 18-nji aprelde Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sergä ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli hem-de ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Onuň çäklerinde halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň, işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-si hasaba alnyp, häzirki wagtda-da gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işi dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde söwda ulgamyna uly ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993