Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Muhammet Hamel Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Malaýziýada geçirilen halkara forumda (TEIF 2025) eden çykyşynda dünýäde ikinji uly gaz ýatagynyň işjeň ösdürilmegi we turba geçirijileriň giňeldilmegi bilen, Türkmenistanyň gaz çykarylyşyny 2050-nji ýyla çenli iki esse ýokarlandyryp, ýylda 150 milliard kub metre çenli ýetirip biljekdigini belledi.
“Gazyň çykarylyşynyň artmagy bilen Türkmenistan Hytaý, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýaly sebitleriň esasy bazarlary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Geljekde bolsa, Ýewropa hem gaz eksport edilmegi ähtimal — diýip, Muhammet Hamel nygtady.
GECF-niň Baş sekretary şeýle hem dünýäde tebigy gaza islegiň ep-esli ýokarlanmagyna Hytaý bilen Hindistanyň uly goşant goşjakdygyny aýtdy. Onuň maglumatyna görä, bu iki ýurt dünýäde tebigy gaza islegiň artmagynyň üçden birinden gowragyna jogapkär bolar.
2050-nji ýyla çenli Hytaýyň tebigy gaza bolan islegi ýylda 660 milliard kub metrden geçer we ABŞ-dan soň dünýäde ikinji uly sarp ediji bolar. Hindistanda bolsa tebigy gazyň milli energiýa deňagramlylygyndaky paýy artar we onuň gaz islegi iki esse ýokarlanyp, 230 milliard kub metre barabar bolar — diýip, ol belledi.
TEIF 2025 forumy 23-24-nji aprel aralygynda Malaýziýanyň paýtagtynda geçirildi. Oňa 42 döwletiň wekiliýetlerinden jemi 470 wekil gatnaşdy. Forum Türkmenistanyň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, şeýle hem Söwda-senagat edarasynyň “Türkmen Energiýa Forumy” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda gurnamagynda geçirildi.