24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken Permanyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy.