Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany toplumyň çäginde baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Bu ýerde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri-de görkezilýär. Halylarda, özboluşly heýkeltaraşlyk işlerinde, grawýuralarda, fotosuratlarda behişdi bedewleriň keşbi şekillendirilipdir.

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaralaryň esasyny at çapyşyklary düzdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle-de şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine ajaýyp haly sowgat berildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993