28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.
Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, bu babatda bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyny möhüm gural hökmünde has netijeli ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde birnäçe möhüm energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Bu işler ilatymyzyň we daşky gurşawyň aýratynlyklaryny, howpsuzlygyny nazara almak bilen amala aşyrylýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzyň özara gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary hem-de teklipleri goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.