Prezident: Türkmenistan Pakistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge taýýar

Prezident: Türkmenistan Pakistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge taýýar

Türkmenistan Pakistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge taýýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-nji aprelde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbal bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutany bu taslamalaryň diňe bir ýurtlarymyzyň ykdysadyýetine däl-de, eýsem, tutuş sebitiň energiýa durnuklylygyny üpjün etmäge hem uly goşant goşjakdygyny nygtap, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we täze başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesinde geçirilýän ilkinji forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, myhmanyň şu gezekki saparynyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar dostluga we özara hormat goýmaga esaslanýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, energetika, ulag, logistika ýaly strategik pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993