Balkan welaýatynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy

Balkan welaýatynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy

2-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Balkanabat şäherinden 20 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän täze desga «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir.

Binada ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük we migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan, garbanyşhana, tehniki otaglar we beýlekiler bar.

Bu toplum «Mollagara» şypahanasyndan bary-ýogy 4 kilometr uzaklykda ýerleşip, şypahanada saglyk bejergisini alýan adamlar üçin ulag elýeterliligini ep-esli ýokarlandyrar.

Desganyň geografiki ýerleşişi onuň golaýyndan geçýän Aşgabat — Türkmenbaşy awtoulag ýoly we demir ýoly bilen amatly baglanyşygy üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde geljekde Jebelde täze demirýol menzilini gurmak hem meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi ulag ulgamynda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993