6-njy maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki özara hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşyldy. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.