TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit önümleri we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit önümleri we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, yşyklandyryş kerosinini, binýatlyk ýagy, Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen hlorly natrini hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 579 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 88 million manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini, nah ýüplügi, nah matany satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993