Täsirli geçen maslahat

Täsirli geçen maslahat

2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasy «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Geýdar Aliýew — Energetika diplomatiýasy: «ýaşyl» dünýä ugrunda jebislik» atly halkara maslahat geçirdi.

Maslahata Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň wekilleri, birnäçe döwletleriň ilçileri, BMG-niň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahaty Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow açdy. Ol çykyşynda Azerbaýjan Respublikasynyň öňki Prezidenti Geýdar Aliýewiň ýolbaşçylyk eden döwründe ykdysadyýetde, senagatda, ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda gazanylan üstünlikler hem-de ýetilen ýokary sepgitler barada aýdyp geçdi. Şeýle hem nebit, gaz ýataklaryny gözlemek, burawlamak, nebit we gaz önümlerini öndürmek hem-de daşary ýurtlara eksport etmek bilen bagly gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berdi.

Şunuň bilen birlikde, metan zyňyndylaryny azaltmak, klimatyň üýtgemegi, «ýaşyl» dünýä syýasaty barada giňişleýin aýdyldy.

Maslahatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Gruziýanyň ilçileri, «Eni» we «Çalik Enerji» kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda meşhur kompozitorlaryň döreden sazlary ýaňlandy we toý sadakasy berildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993