Gahryman Arkadagymyz “KazanForum” halkara forumyna gatnaşar

Gahryman Arkadagymyz “KazanForum” halkara forumyna gatnaşar

Anna güni, 16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary başlaýar, ol ýerde Gahryman Arkadagymyz "Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum" atly her ýyl geçirilýän XVI Halkara Ykdysady Forumyň  işine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

“Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagyna ýurdumyz Russiýa Federasiýasy we Yslam dünýäsi bilen köpugurly gatnaşyklary saklamak,  syýasy, ykdysady, söwda, medeniýet we gumanitar ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan seredýär” diýlip habarda aýdylýar.

“Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlyk bu prosessiň möhüm tarapy bolup durýar. Olaryň arasynda Tatarystan Respublikasy güýçli gor-senagat mümkinçilikleri, şeýle-de iki doganlyk halklaryň arasyndaky taryhy arabaglanyşyk sebäpli aýratyn orun eýeleýär” diýlip, DIM belleýär.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýet, söwda we ulag pudaklarynda Tatarystanyň edara-kärhanalary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk netijeli ösýär. Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän senagatda geljekki ähmiýetli  mümkinçilikler açylýar. Bilim, ylym, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.

“Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köptaraply we netijeli gatnaşyklar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategiki hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm bölegi bolup çykyş edýär” diýlip, DIM-niň habarynda bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, forumyň çäklerinde her ýyl geçirilýän “Russiýa Halal Expo 2025” halal senagatynyň halkara sergisi geçirilýär. Hemişe bolşy ýaly, şu ýyl hem bu sergide Türkmenistanyň milli ekspozisiýasy köp görnüşliligi, bollugy bilen tapawutlanýar hem-de gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gyzyklanmasyny döredýär.

“Soňky ýyllarda türkmen önümleriniň Russiýa eksportynyň durnukly ösüşi gazanylýar. Türkmen ekspozisiýasynyň Kazandaky üstünligi hyzmatdaşlygy giňeltmek we beýleki ýurtlar bilen hem işewürlik we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilikler açýar” diýlip, bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kazana sapary, geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we çuňlaşdyrmak prosessinde möhüm waka bolar, şeýle hem ýurdumyzyň Yslam dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny ep-esli pugtalandyrar, birek-birege hormatly, konstruktiw we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri döreder.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993