Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iri senagat kärhanalara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak hem-de bu kärhanalary halkara tejribesine laýyklykda dolandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi buraw işlerine, tebigy gazyň çykarylyşyna we ony hereket edýän bir bitewi gaz geçiriji ulgama goýberilişine we onuň gündelik sarp edilişine gözegçilik etmäge hem-de netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny, senagat kärhanalaryny hem-de durmuş maksatly desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy çykarmak, akdyrmak hem-de sarp edijilere eltmek işlerine gözegçiligi has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993