19-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz hem-de wise-prezident dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdürilýän türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artmagynyň munuň aýdyň mysalydygyny belledi.
Köp ýyllaryň dowamynda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de ýakynda iki sany ykdysady ähmiýetli resminama — «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigine ünsi çekip, munuň özara bähbitli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen we geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki birnäçe taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan gazanylan bu möhüm ylalaşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika pudagynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydygyny belledi we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.