20-nji maýda Tähran şäherinde türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýum, medeniýet we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, şol sanda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi iki dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de geljekde olaryň abadançylygynyň, durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.
Taraplar ulag we üstaşyr geçirmek ulgamynda özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, şeýle hem halkara we sebit başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň halklarynyň bähbidine strategiki hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.