Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

19-20-nji maýda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer meseleleriniň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemek girizildi.

Türkmenistanyň we EYR-yň wekilleri söwda-ykdysady, ulag we logistika, gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlary we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini giňişleýin gözden geçirdiler, şeýle hem Hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler.

Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada aýtmak bilen, türkmen tarapy türkmen-eýran serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmek teklibini öňe sürdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, duşuşyga gatnaşyjylar şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine konstruktiw dialogyň has-da pugtalanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiniň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana amala aşyran saparynyň çäklerinde Raşid Meredow bilen Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň, şeýle hem nebit ministri Mohsen Paknejadyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993