Eýran we Türkmenistan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmagy meýilleşdirýär

Eýran we Türkmenistan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmagy meýilleşdirýär

Maý aýynyň başynda Eýranyň Gürgen şäherinde geçirilen Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň ilkinji sergisi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm ädim boldy diýip, TerraNews habar berýär.

Çärä onlarça türkmen kompaniýasy gatnaşdy we eýranly telekeçiler tarapyndan uly gyzyklanma döretdi diýip, metbugat belleýär.

Eýran bilen Türkmenistanyň Bilelikdäki Söwda Palatasynyň ýolbaşçysy Ramazan Bahraminiň aýtmagyna görä, forumyň netijesinde 2024-nji ýylda takmynan 600 million dollar bolan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny 30% ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna nebit-himiýa senagaty, dokma önümleri, azyk harytlary, gurluşyk materiallary we logistika hyzmatlary girýär.

Sergi iki ýurduň hususy toplumynyň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik berdi, bu bolsa birnäçe başlangyç ylalaşyklaryň baglaşylmagyna getirdi.

Serginiň Gürgan şäherinde – Golestan welaýatynyň administratiw merkezinde – geçirilmegi bu sebit bilen Türkmenistanyň taryhy we medeni gatnaşyklary, şeýle hem serhetara söwdadaky işjeň orny bilen baglydyr.

Geljekki meýilnamalaryň hatarynda Eýranyň Türkmenistanda jogap sergisini guramak we Tähranda bilelikdäki ykdysady komitetiň mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çärelerde taraplar ulag, energetika we inženerçilik hyzmatlary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993