Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar

Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.

"Türkmennebit" döwlet konserniniň saýtynda habar berlişi ýaly, şu ýylyň ilkinji dört aýynda trestiň hünärmenleri 55 910 metr çuňlukda buraw işlerini ýerine ýetirip, meýilnamany 100,4% ýerine ýetiripdirler. Bu döwürde 13 guýy ulanmaga berildi, diňe şu ýylyň aprel aýynda dört sany nebit guýusy ulanyşa geçirilipdir.

Häzirki zaman buraw enjamlary bilen üpjün edilen "Nebitdag" buraw işleri müdirliginiň burawçylary bu döwürde 10 357 metr çuňluga ýetip, bäş sany öndürijilikli guýyny ulanyşa tabşyrypdyrlar.

"Goturdepe" buraw işleri müdirliginiň burawçylary meýilnamadan 2 606 metr artyk ýerine ýetirip, dört guýynyň buraw işlerini üstünlikli tamamlandylar.

"Körpeje" buraw işleri müdirliginiň burawçylary geçen döwürde 11 müň metrden gowrak çuňluga ýetip, üç guýyny ulanyşa beripdirler.

"Ekrem" buraw işleri müdirliginiň işgärleri bolsa meýilnamany 112% ýerine ýetirip, bir guýyny nebitçileriň peýdalanmagyna tabşyrypdyrlar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993