Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy

23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň günbatar we gündogar sebitlerinde kuwwatly tehnikalaryň, seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen nebitiň hem-de tebigy gazyň gorlaryny gözlemek işleri geçirilýär. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti we gazy gözlemek boýunça gözleg-barlag işlerini ýokary hilli, netijeli ýerine ýetirmäge uly üns berilýändigini, nebitiň we tebigy gazyň ýerasty gorlarynyň yzygiderli ýüze çykarylýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň gözlegine gönükdirilen işleri geljekde-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993