TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi

TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Singapuryň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de hlorly natrini satyn aldylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz we nebit koksy ABŞ-nyň we BAE-niň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine satin mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 290 million 656 müň 400 dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 13 million 507 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), el halylaryny, aşgarlanmadyk nah matany we dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993