Türkmenistan bilen Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

26-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň DIM-nde habar berdiler.

Hususan-da, taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynda, başga halkara düzümlerde we görnüşlerde birek-birege bolan köpýyllyk goldawy barada bellenip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, dostlukly we konstruktiw dialogyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmeginiň esasy şertidigi barada nygtaldy. Hut Türkmenistan bilen Hytaýyň baştutanlarynyň we liderleriniň yzygiderli duşuşyklary ugurlaryň giň toplumy boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.

Daşary işler ministrleri iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň ähmiýetini bellediler hem-de diplomatik ýollar boýunça yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaşyklary   dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993