27-nji maýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Türkmenistan bilen Birleşen Arap emirlikleri: nebitgaz ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk” temasy boýunça okuw sapagy geçirildi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli tarapyndan guralan çärä uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.
Ahmed Al Hameli öz çykyşynda öz ýurdunda ylym-bilim ulgamynda ýaşlykdan emeli aň we onuň bilen baglanyşykly düşünjeleriň orta mekdebinden berlip başlanandygy, nebitgaz hem-de energetika ugrunda sanly tehnologiýalary babatda dünýä belli kompaniýalaryň we ýerli kärhanalaryň gatnaşmaklarynda emeli aň we onuň bilen baglanyşykly tehnologiýalaryň ýokary depginde ornaşdyrylandygy, bu işleriň bolsa ýokary netije berip başlandygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol her pudaga degişli emeli aň bilen baglanyşykly çözgütleriň üstünde durup geçdi hem-de olaryň geljekde döretjek mümkinçiliklerini açyp görkezdi.
Çykyşynyň ahyrynda ol diňleýjileriň ählisine sag bolsun aýdyp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň ösjekdigine ynam bildirdi.