Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda Astanada geçiriljek “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyna görülýän taýýarlyk barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. Italiýanyň birnäçe iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan we Italiýa medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda arheologiýa ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki güne çenli 37 resminama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzýär.
Ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar döwletara dialogy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Italiýa Respublikasyna resmi saparlaryny, 2015-nji ýylda bolsa iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi. 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
“Merkezi Aziýa — Italiýa” formaty netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze ugurlary açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyryljak saparyň maksatnamasy hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany iki ýurduň köptaraply görnüşde hem hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Merkezi Aziýa — Italiýa sammitiniň möhüm ornuny belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.