Şu ýylyň 1-2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna taýýarlyk görülýär. Taýýarlyk işleri barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Mongoliýa bilen netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady 11 sany resminama bilen berkidildi.
Türkmen-mongol gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň 3 duşuşygy guraldy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde we daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklar ösdürilýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, oba hojalygy, maldarçylyk, ýeňil senagat hem-de ulag we logistika ulgamlary ileri tutulýan ugurlardyr. Özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, bu işe kiçi we orta telekeçiligi çekmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem giňeldilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin degişli işler alnyp barlyp, onuň netijesinde saparyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Saparyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürler forumynyň, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäräniň, milli amaly-haşam sungatynyň sergisiniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, ýakynda Mongoliýada geçiriljek duşuşyklaryň hem türkmen-mongol gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine bu döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de onuň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.