Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmaga çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmaga çagyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda Astana şäherinde «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammitinde eden çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Owganystanyň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny belledi.

“Sebit howpsuzlygy baradaky aýdylanda, Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns çekmeli. Türkmenistan bu ýurduň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasaplaýar” diýlip, şenbe güni merkezi neşirlerde çap edilen çykyşda aýdylýar.

“Biz durnukly we ykdysady taýdan ösýän Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýarys” diýip, Prezident belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy ýaly iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň mundan beýläk-de zerur tagallalary etjekdigi, şeýle hem owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegini zerur hasaplaýandygy bellenildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993