Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Senatynyň Başlygy bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny we beýleki meseleleri maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Senatynyň Başlygy bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny we beýleki meseleleri maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Pakistanyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilaniniň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleler hem-de ikitaraplaýyn gün tertibiň beýleki möhüm ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler wagtyň synagyndan geçen köpugurly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň konstruktiw häsiýetini nygtadylar hem-de iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erki netijesinde döwletara dialogynyň häzirki ýokary derejesini bellediler.

Türkmenistan bilen Pakistanyň halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň möhümdigi hem-de parlamentara gatnaşyklarynyň gurallarynyň ähmiýeti tassyklanyldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993