Türkmenistan we Mongoliýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Türkmenistan we Mongoliýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

Duşenbe güni, 2-nji iýunda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady. 

Döwlet Baştutany bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ugurdaky maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, häzirki wagtda bu gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de giňeltmek, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, işewürler düzümleriniň ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Dostlukly ýurduň paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-mongol işewürler forumy hem muňa ýardam berer.

Garaşylyşy ýaly, ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler, bu ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, häzirki zaman ýagdaýlary hem-de mümkinçilikleri hasaba almak bilen, bu hyzmatdaşlyga uzak möhletleýin häsiýet berilmegine ýardam eder.

Şu gün Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutany şu gezekki duşuşygyň biziň döwletlerimiziň arasynda, şol sanda kanun çykaryjy edaralaryň çäklerinde özara düşünişmegi ösdürmäge hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993