Türkmen-mongol gepleşikleriniň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Türkmen-mongol gepleşikleriniň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň netijeleri boýunça iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama hem-de 14 sany gol çekildi diýip, TDH habar berýär.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda: Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça topary döretmek hakynda Ylalaşyga; ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga; söwda, ykdysady we maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin orta möhletli Maksatnama; ýeňil senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; bilim we saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

Aşgabat şäheriniň we Ulan-Bator şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ähtnama gol çekildi. 

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993