Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi.

Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108; benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,8; dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,2; çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 121,1 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 102,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 102,5 göterim ýerine ýetirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, munuň üçin önümçilik işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993