Aşgabatda TESC 2025 halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär

Aşgabatda TESC 2025 halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär

5-nji iýunda Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

Maslahatyň esasy maksady sanly tehnologiýalar we adam maýasyny ösdürmek babatda Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. 

Ugurdaş türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän bu çäre tehnologik özgertmeler we howanyň üýtgemegi şertlerinde energetika pudagyny durnukly ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaltmak babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin esasy meýdança bolup hyzmat eder.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Täze uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde energetiki mümkinçilikler, täze tehnologiýalar we daşky gurşaw taraplary» hem-de «Adam maýasy ekologik jogapkärçiligiň hereketlendiriji güýji hökmünde: metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylary babatyndaky meseleleri çözmekde hünär bilimini we innowasiýalary ulanmak» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

Ara alyp maslahatlaşmalara wideoaragatnaşyk arkaly iri halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň — BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), Nebit inženerleri jemgyýetiniň, Halkara energetika agentliginiň, şeýle hem «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd», «CNPC», «Dragon Oil», «Eni S.p.A.» ýaly meşhur kompaniýalaryň wekilleri hem goşuldylar. Mejlisleriň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri hem çykyş etdiler. Olar halkara, sebitleýin we milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasyny döretmek barada tanyşdyrmalar, şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky ýagdaýlar, bu ugurda marketing strategiýalary barada seljerme maglumatlary bilen çykyş etdiler hem-de toplan tejribelerini, täze taslamalaryny paýlaşdylar.

Mejlisde çykyş eden hünärmenler nebitgaz ýataklaryny rejeli özleşdirmek üçin täsirli we ekologik taýdan arassa usullaryň işlenip taýýarlanylmagynyň daşky gurşawy hapalanmakdan goramakda wajyp ähmiýete eýedigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, tebigata antropogen täsiri azaltmak üçin nebit senagatynyň işiniň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmegiň, uglewodorod ýataklary özleşdirilende iň täze enjamlary we tehnologiýalary ulanmagyň, energiýa çykdajylaryny azaltmagyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasyny işjeň ösdürmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Mejlisleriň dowamynda halkara derejeli bilermenler türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşdylar hem-de köp mukdardaky kömürturşy gazy saklanýan uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993