6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow ykdysady taýdan Türkmenistanyň we Hindistanyň söwda dolanyşygyny giňeltmekde, maýa goýumlary artdyrmakda hem-de ulag, energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we farmasewtika ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetine aýratyn üns çekilip, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine zerur depgin bermegiň wajypdygy nygtaldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Hindistanyň esasy ulag nokatlarynyň Ýakyn Gündogar, Hazar sebiti hem-de Ýewropa bilen birleşmeginiň halkara logistika hyzmatdaşlygynyň özenini düzjekdigine üns berildi. Bu babatda Günorta — Demirgazyk halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Duşuşygyň dowamynda ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk we konstruktiw dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň möhüm faktory bolup durýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Raşid Meredow Hindistanyň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan iberilen salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Raşid Meredow Türkmenistanyň Hindistan bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardygyny, şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.