“Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazçykaryş” tresti 2025-nji ýylyň başyndan bäri 1,2 mln tonnadan gowrak nebit çykardy

“Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazçykaryş” tresti 2025-nji ýylyň başyndan bäri 1,2 mln tonnadan gowrak nebit çykardy

2025-nji ýylyň başyndan bäri “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” tresti tarapyndan 1 million 278 müň 817 tonna “gara altyn” çykaryldy. Bu görkezijide “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawçylarynyň zähmeti  möhüm orun eýeleýär. Olar ýylyň başyndan bäri jemi 57 müň 246 metr önümçilik, şeýle-de 16 müň 51 metr gözleg guýularyny burawladylar.

“Burnebitgazhyzmat” müdirligi buraw işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin zerur turbalary öz wagtynda ýetirýär. Müdirlikde agramy 12,5 tonna bolan köpri kranlar, 12-den 25 tonna çenli awtomobil kranlary we turba daşamak üçin ýöriteleşdirilen kuwwatly ulag serişdeleri yzygiderli hyzmat edýär.

Müdirligiň ygtyýarynda Goturdepe, Körpeje, Ekerem we Akpatlawuk önümçilik desgalarynda turba meýdançalary bar. Şeýle-de Barsagelmez we Uzynada känlerindäki buraw işleri üçin hem turba üpjünçiligi ýola goýuldy.

Müdirligiň düzüminde dört bölüm hereket edýär, olar buraw işlerinde ulanylýan obsadka turbalarynyň täzeden dikeldilmegi bilen meşgullanýarlar. Edaranyň garamagyndaky “ASW-1050” we “ASW-700” ýaly kuwwatly enjamlar burawçylara ugradylýan turbalaryň tehniki ýagdaýyny we basyşa durnuklylygyny anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Nähili ýagdaýda gelendiklerine garamazdan — täze bolsun ýa-da ulanylan — ähli turbalar önümçilige ugradylmazdan ozal buraw turbalaryny abatlaýyş boýunça tehniki barlag sehinde gözden geçirilýär we degişli pasportlaşdyryşdan geçirilýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993