Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalarynyň degişli awtomatik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi toplumyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmäge ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ygtybarly işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993