Şu gün, 17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady diýip, TDH habar berýär.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Biraz wagtdan döwlet Baştutanynyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda ikinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, şeýle görnüşdäki birinji sammit 2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň sammitde çykyş etmek bilen, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürendigini bellemek gerek.