“Galkynyş” käninde nobatdaky gaz guýusy ulanyşa girizildi

“Galkynyş” käninde nobatdaky gaz guýusy ulanyşa girizildi

"Türkmengaz" döwlet konserni "Galkynyş" ägirt uly gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça giň gerimli işleri  alyp barýar. Käniň häzirki ulanyş tapgyrynyň çäklerinde "Marygazçykaryş" müdirliginiň buýrugy esasynda "Türkmengazburawlaýyş" müdirligi tarapyndan 4000 metrden gowrak çuňlukda ýerleşýän №264 guýusy burawlandy.

Netijede, 3852 metrden 4011 metre çenli çuňluk aralygynda ýerleşýän öndürijilikli gatlak açyldy. Şol ýerde tebigy gazyň gije-gündizleýin çykarylyş möçberi 2 million 240 müň kub metre deň bolan gaz akymy alyndy.

Hünärmenleriň pikirine görä, bu gaz guýusy geljekde ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň senagat kuwwatyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup biler.

"Galkynyş" käniniň gorlary häzirki wagtda Türkmenistanda özleşdirilýän gaz känleriniň ählisinden giň bolup, ony dünýäniň iň iri "mawy ýangyç" çeşmeleriniň dörtlüginiň hataryna goşmaga mümkinçilik berýär. Umumy gaz gorlary boýunça ol diňe Eýran bilen Kataryň çäginde ýerleşýän "Günorta Parsdan" (gorlary – 28 trillion kub metr) yzda galýar we dünýäde ikinji iň uly gaz käni diýen ýalydyr.

Bu kän boýunça alnyp barylýan işler ýurduň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmäge, şeýle hem eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle-de, bu ugurda häzirki zaman tehnologiýalarynyň, uglewodorod serişdelerine baý geologik gatlaklary özleşdirmegiň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýangyç-energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň giňeldilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin we özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993