Peterburg halkara ykdysady forumynda Türkmenistan bilen Tatarystanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Peterburg halkara ykdysady forumynda Türkmenistan bilen Tatarystanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF-2025) çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilişiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Rustam Minnihanow türkmen-russiýa gatnaşyklaryna berýän ünsi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Ol iki ýurduň taryhy hem-de dostluk gatnaşyklarynyň berkdigini we söwda-ykdysady gatnaşyklarda oňyn depginiň bardygyny nygtady.

Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda «KAMAZ», Kazan dikuçarlyk zawody, Maksim Gorkiý adyndaky Zelenodolsk gämi gurluşyk zawody, «KER-Holding» we «Eýdos» ýaly iri tatar kärhanalary üstünlikli işleýärler.

2024-nji ýylyň netijeleri boýunça Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 39 million dollardan geçdi. Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy nebit gözlegleri, gaz daşamak, awtoulag, uçar we gämi gurluşygy, şeýle hem himiýa önümleriniň iberilişi ýaly ugurlarda işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993