20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz ýataklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, ony elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bu bolsa täze ýatagyň elektrik üpjünçiligi bilen bir hatarda, beýleki ýanaşyk ýataklary hem elektrik energiýasynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz känlerinde täze ýataklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.