Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

22-nji iýunda, ýekşenbe güni amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş-medeni we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin oňyn tejribesini aýratyn bellediler.

Iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý we bu ugurda ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek boýunça pikir alyşdylar.

Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň yglan etmeginde  dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek Bitaraplyk derejesi ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara işlerinde işjeň we konstruktiw orny eýeleýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy islendik halkara meselelerini parahatçylykly çözmek ýörelgelerine berk eýermek bilen, Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy diplomatik serişdeleriň we usullaryň iň giň toplumyny ulanmak arkaly çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik dostlukly we konstruktiw häsiýete eýe boldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993